Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa 27-nji oktýabrda badalga berler

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky nobatdaky ýaryşa 27-nji oktýabrda badalga beriljekdigi barada «Türkmen sporty» gazeti 2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykan sanynyň 5-nji sahypasynda habar berýär.

. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si («Altyn Asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik», «Köpetdag») gatnaşar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 27 – 28-nji oktýabrda, jogap oýunlary bolsa 6 – 7-nji noýabrda geçiriler. Ýarym final duşuşyklary 28-nji noýabrda hem-de 2-nji dekabrda, final oýny bolsa 7-nji dekabrda oýnalar. Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklaryny öz meýdanlarynda geçirerler.

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň  çärýek finalynyň birirnji duşuşuklary 27-nji oktýabrda  sişenbe güni  «Ahal»  – «Aşgabat»,  «Köpetdag» – «Merw» toparlarynyň arasynda,  28-nji oktýabrda çarşenbe güni bolsa «Şagadam» – «Nebitçi», «Altyn Asyr»  – «Energetik» toparlarynyň arasynda geçiriler.

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň  çärýek finalynyň jogap duşuşyklary 6-njy noýabrda anna güni «Merw»  –  «Köpetdag», «Aşgabat»  – «Ahal», «Nebitçi»  – «Şagadam», «Energetik»  – «Altyn Asyr» toparlarynyň arasynda geçiriler.

Toýly Jänädow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok