7-nji oktýabrda futzal naýbaşy liganyň duşuşyklary geçiriler

7-nji oktýabrda 13-nji tapgyryň çägindäki duşuşyklaryň dördüsi («Olimp» – «Köpetdag», «Serhetçi» – «Deňizçi», «Gümrükçi» – «Daýhanbank», «Migrasiýa» – «Senagatbank») bilen ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunlary ýaýbaňlandyrylar. Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda 4 aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy ligasynyň oýunlary şu ýylyň 8-nji noýabryna çenli dowam eder. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagta çenli geçirilen 12 tapgyrdan soň 31 utuk toplan «Köpetdag» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda «Migrasiýa» topary ornaşdy. 22 utuk toplan «Gümrükçi» üçünji orny eýeleýär. «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew derwezelere geçiren 22 goly bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Duşuşyklaryň hemmesi Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada «Türkmen sporty» gazeti 2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykan sanynyň 2-nji sahypasynda habar berýär.

Toýly Jänädow

T/b TOPARLAROÝDUT+/-U
1.«Köpetdag»12101167-15+5231
2.«Migrasiýa»1272357-25+3223
3.«Gümrükçi»1264250-27+2322
4.«Daýhanbank»1262453-43+1020
5.«Senagatbank»1262454-28+2620
6.«Deňizçi»1242634-33+114
7.«Serehetçi»1221950-88-387
8.«Olimp»12001222-128-1060
Ýaryş tertibi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok