Futzal boýunça Naýbaşy liganyň duşuşyklary başlanar

7-nji oktýabrda arakesmeden soň Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary başlanar. Bu barada Türkmenistanyň futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasy habar berýär.

7-nji oktýabrda 13-nji tapgyryň çägindäki duşuşyklaryň dördüsi geçiriler:
«Olimp» – «Köpetdag»
«Serhetçi» – «Deňizçi»
«Gümrükçi» – «Daýhanbank»
«Migrasiýa» – «Senagatbank»

Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda 4 aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy ligasynyň oýunlary şu ýylyň 8-nji noýabra çenli dowam eder.

Häzirki wagta çenli geçirilen 12 tapgyrdan soň 31 utuk toplan «Köpetdag» ýaryş birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda «Migrasiýa» topary, 20 utukdan toplan «Gümrükçi» bilen «Daýhanbank» degişlilikde üçünji, dördünji orunlary eýeleýär.

Liganyň iň köp gol geçiren oýunçylarynyň arasynda öňdäki orny 22 goly bilen «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew eýeleýär.

Bellik: duşuşyklaryň hemmesi Aşgabat şäherinde geçiriler.

T/b TOPARLAROÝDUT+/-U
1.«Köpetdag»12101167-15+5231
2.«Migrasiýa»1272357-25+3223
3.«Gümrükçi»1264250-27+2322
4.«Daýhanbank»1262453-43+1020
5.«Senagatbank»1262454-28+2620
6.«Deňizçi»1242634-33+114
7.«Serehetçi»1221950-88-387
8.«Olimp»12001222-128-1060
Ýaryş tertibi

Arslan Jumamuhammedow,
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok