Berdimuhamedow Singapurda resmi saparda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we hökümet agzalary Singapur döwletinde resmi saparda.

TDH-nyň habar bermegine görä 2019-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow irden singapurly işewür toparlary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Shangri-La myhmanhanasynda geçdi.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň “Aziýanyň siwilizasiýalary” muzeýinde gezip gördi. Bu ýerde Singapuryň Milli miras boýunça geňeşiň başlygy hanym Çaň Hwi Ni garşy aldy. Muzeýe türkmen milli halylary we türkmen medeniýetini tanadýan kitaplar sowgat edildi.

Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob “Istana” köşgünde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentini garşy aldy. Iki ýurt ýolbasçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Prezidentleriň duşuşygy tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň premýer-ministri Li Sýan Lun bilen duşuşdy. Duşuşykda hökümetara iri taslamalaryň birnäçesine garaldy. TDH-nyň habar bermegine görä duşuşykda esasan sebitleýin we dünýä syýasaty, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada pikir alyşyldy.

Resmi duşuşyklar iki taraplaýyn düşünişmek barada resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy.

TDH-nyň habar bermegine görä gol çekilen resminamalar esasynda iki taraplaýyn diplomatiýa, gulluklaryň işgärleri we resmi pasport göterýänler üçin wizasyz giriş-çykyş mümkinçiligi, maýadarlaryň girdeji salgydyny bir taraplaýyn töleg etmek üçin mümkinçiligi, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we Singapuryň Içeri işleri ministrliginiň arasynda kanunçylyk ugrynda arkalaşmak baradaky ylalaşyklar hem girizildi.

2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda türkmen-singapur işewürler forumy hem geçirildi. Foruma 40-dan gowrak singapurly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän senagat önümleriniň hem sergisi guraldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok