Messi “Mançester siti” klubyna geçermi?!

Argentinanyň “Fox Sport” telekompaniýasynyň argentinaly journalis Kristian Martin, Barselonanyň hüjümçisi Lionel Messiniň Mançester Siti klubyna gidip biljekdigini aýtdy.

“Iň soňky habar.  Messiniň Barselonany terk edip, Mançester Siti komandasyna transferi örän mümkin.  Muny Kataloniýa we Angliýadaky çeşmelerim tassyklaýar.  Geleşiklere gatnaşyjylaryň hemmesi üçin sport şertleri ajaýyp bolar “- diýdi.

33 ýaşly argentinalynyň Barselona bilen häzirki şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsunda, ýagny indiki möwsümiň ahyrynda gutarýar we gepleşikler dowam edýän hem bolsa täze şertnama gol çekilmedi.

Rejepgylyç Çopanow
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok