Birinji Hazar Ykdysady forumynyň deslapky çäreleri geçirilýär

Bugün, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda güneşli we ýagty günde Birinji Hazar Ykdysady forumynyň çäklerinde deslapky çäreler geçirilýär. Ynha bugün, 10-njy awgust, myhmanlaryň gelýän güni bolmagyna garamazdan güniň ikinji ýarymynda Hazar otelinde “2020-nji ýyla çenli GDA agza ýurtlarynyň innowasion hyzmatdaşlygyň döwletara maksatnamasynyň tanyşdyryşy”, hem-de Deňiz otelinde “Hazarýaka ýurtlaryň ulag we logistika pudaklarynda hyzmat berýän döwlet edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň tegelek stol duşuşygy geçirilýär.”

Umuman, Birinji Hazar ykdysady forumynyň meýilnamasy çäreler baý. Aýratyn bellärlikli, ertir irden Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi, “Türkmen sährasy – 2019” awtosergi açylýar, Hazaryň kenarýaka ýurtlarynyň ykdysadyýet, ulag ministrleriniň we söwda üýşmeleňleriniň duşuşyklary geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok