Türkmen hokkeýçileri Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda «A» toparynyň üçünji bölüminde yz-yza ikinji ýeňşini gazandylar. Bu ýerde «B» toparyň ikinji bölümine geçmek üçin ýeke-täk mümkinçilik ugrunda alty topar bäsleşýär.
Birinji tapgyrda, öň habar berlişi ýaly, ildeşlerimiz Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny 3:1 (1:1, 0:0, 2:0) hasabynda ýeňdi, ikinji ýaryşda bolsa Türkiýäniň toparyny 2:1 (1:1, 1:0, 0:0) hasabynda utdy. Türkiýäniň topary birinji tapgyrda lýuksemburgly garşydaşlaryndan 7:1 (4:0, 2:0, 1:1) hasabynda üstün çykypdy.
Ondan öň Türkmenistanyň we Türkiýäniň hokkeý toparlary dünýä çempionatlarynda milli ýygyndy derejesinde iki gezek duşuşdy. Iki gezek hem ýeňiş türk toparyna nesip etdi: 2019-njy ýylda Sofiýada (Bolgariýa) geçen dünýä çempionatynda 5:4, 2022-nji ýylda Kokelşýöde (Lýuksemburg) geçen dünýä çempionatynda bolsa – 6:5 hasabynda.
Bäsdeşleriň arasyndaky üçünji duşuşykda hasaby 8-nji minutda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparyndan Kerwen Baýlyýew açdy. Arakesmeden öň, 17-nji minutda Türkiýäniň milli ýygyndysynyň kapitany Ferhat Bakal hasaby deňledi – 1:1.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen Aleksandr Wahowskiý 22-nji minutda Türkmenistanyň toparyny öňe saýlady – 2:1 hasabynda. Duşuşygyň hasaby soňky 20 minutda üýtgemedi.
Taryhda ilkinji gezek Türkiýäniň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan türkmen hokkeýçileri iki tapgyrdan soň 6 utuk toplady. Lýuksemburgyň toparyny 6:0 (0:0, 3:0, 3:0) hasabynda ýeňenden soň, Gyrgyzystanyň toparynyň hem şonça utugy bar.
Türkiýäniň we hiç utuk gazanman, iň soňky orunda barýan Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny 3:0 (1:0, 2:1, 0:1) hasabynda utmak bilen, 2025-nji ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazanan Günorta Afrika toparynyň hersiniň 3 utugy bar.
Ylýas Weliýewiň şägirtleri indiki tapgyrda Lýuksemburgyň topary bilen duşuşar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Stambul şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynda 19 hokkeýçiniň oýnaýandygyny, olaryň 12-siniň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyna, 5-siniň Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparyna, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Alp Arslan» toparlarynyň hersine 1 hokkeýçiniň degişlidigini ýatladýarys.
Teswirler