Haj wizasy bolmadyklar Mekgä goýberilmez!

Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrligi Haj möwsüminde haj zyýaratyna gelenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe çäreleri durmuşa geçirdi. Şoňa görä-de, çarşenbe gününden başlap, Mekgä girmek üçin Mekgede ýaşamak üçin hasaba alnan rugsatnama ýa-da haj wizasy talap ediler.

Berlen beýannamada Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrliginiň bu çäre arkaly Mekgä girýän-çykýanlary düzgünleşdirmäge, diňe ygtyýarly adamlaryň şäherde bolmagyny üpjün etmäge we hajylaryň howpsuzlygyny kepillendirmäge synanyşýandygy nygtalýar.

Saud Arabystanynyň Haj ministrligi hem haj ybadatyny ýerine ýetirmek isleýän raýatlary galp bildirişlerden we aldaw tekliplerinden ägä bolmaga çagyrýar.  Ministrlik haj ybadatynyň diňe ygtyýarly edaralaryň berýän “Haj wizasynyň” üsti bilen amala aşyrylyp bilinýändigini, bu tertibiň bolsa 80 ýurtda bellenilen resmiler bilen utgaşykly ýagdaýda alnyp barylýandygyny nygtaýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok