Türkmenistanyň wekiliýeti 6–7-nji aprel aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilen ikinji sebitleýin maslahata gatnaşdy. Bu çäre Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (ОСА) we Olimpiýa Raýdaşlygy (ОС) tarapyndan guralypdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.
Forum Günbatar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 22-den gowrak milli olimpiýa komitetleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahatyň dowamynda sebitde geçiriljek iri sport çärelerine – 2025-nji ýylda Bahreýnde meýilleşdirilen III Aziýa ýaşlar oýunlaryna, 2026-njy ýylda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna hem-de şol ýyl Ýaponiýanyň Aiçi we Nagoýa şäherlerinde geçiriljek XX Tomusky Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar Halkara Olimpiýa Komitetiniň maksatnamasyna laýyklykda, 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV Tomusky Olimpiýa oýunlaryna türgen taýýarlamak bilen bagly meseleleri hem seljerdiler.
Forumyň çäklerinde “Dostluk ylgawy” atly ýörite çäre hem geçirildi. Bu çäre sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Sebitleýin maslahatyň ilkinji tapgyry ozal Butanyň Thimphu şäherinde geçirilip, ol Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň milli olimpiýa komitetleriniň gatnaşmagynda guralypdy.
Arslan BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy Akademiýasynyň diňleýjisi.
Teswirler