Nowruz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin dünýä halklarynyň parahatçylyk, agzybirlik we dostluk baýramydyr. Bu baýramyň esasy aýratynlygy, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, daşky gurşawy goramaga gönükdirilen daşary syýasatyna doly laýyk gelýär. Bu ýyl hem Türkmenistan, milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi dabaraly bellemek üçin uly taýýarlyk görýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» geçiriljek baýramçylyk dabarasy, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Bu baýramçylykdabhalkyň gadymy däplerini we milli mirasyny nygtamak maksady bilen dürli sergiler ýaýbaňlandyrylar. Şeýle-de, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk we senetçilik bilen bagly däp-dessurlary beýan edýän çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar we beýleki medeni çäreler guralar.
Nowruz baýramy, diňe bir milli däp-dessurlarymyzy bellemäge däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän halklaryň arasynda agzybirlik we dostluk hereketini ösdürmäge hyzmat edýär. Bu günki günde, Türkmenistan halkara giňişlikde Nowruz baýramynyň ruhuna laýyk gelýän giň göwrümli çäreler geçirýär.
Arzuw NURMUHAMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Medisina himiýa kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler