Türkmenistanyň Prezidenti degişli düzümleri täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady

5-nji martda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Türkmenistanyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş serhetçileri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümleri täze tehnikalar bilen üpjün etmek, serhet goşunlaryny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere hemişe üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok