Bilimi dolandyrmakda statistikanyň ähmiýeti

Maglumatlar jemgyýeti hasaplanýan XXI​ asyrda maglumatlara bolan gyzyklanma barha artmagyny dowam edýär. Döwleti dolandyrmakda gadym döwürlerde hem maglumatlaryň ähmiýeti uly bolupdyr. Döwlet dolandyryşynda zerur bolan maglumatlar statistika işi netijesinde ýola goýlupdyr. Sebäbi “statistika” sözüniň özi “status” diýen latyn sözünden bolup, döwletiň ýagdaýyny öwrenmek manysynda emele gelipdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda dünýäde sanly giňişligiň ösýän şertlerinde bilimlere we maglumat ulgamlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar.

Sebäbi, dünýä jemgyýetçiliginiň çalt depginler bilen ösýän häzirki ýagdaýynda esasy orun bilim we maglumat ulgamlaryna degişlidir. Islendik ösüşiň binýadynda bilim we maglumatyň ähmiýeti barha artmagyny dowam edýär. Bilime we maglumata beýle uly baha berilmegi ýöne ýere däl. “Maglumatlar eýýamy” diýip atlandyrylýan üçünji müňýyllykda bilimler we maglumat ulgamlary her bir ýurduň şu günki we geljekki ösüşiniň kepili hasaplanýar. Bu taryhda-da şeýledi. Öz ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmajak bu iki gymmatlygyň ähmiýetiniň wajyplygyny wagt görkezdi.

Bilim diňe bir häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ösdürilmegine goşant goşmak bilen çäklenmän, jemgyýetiň aň-düşünjesiniň ýokarlanmagyny hem üpjün edýär. Bilim işçi güýjüniň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda netijeliligi artdyrmak üçin möhüm orny eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, işçi güýji ýurduň ykdysady kuwwatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýokary bilimli işgärler we innowasion tehnologiýalar bilen işleýän hünärmenler, öndürijiligiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň açylmagyna we ykdysadyýetiň ösmegine ýardam edýär.

Hut şu sebäpden hem, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly çäreler meýilleşdirilýär we durmuşa geçirilýär.

Innowasion tehnologiýalaryň mundan beýläkki täzelikleri we ösüşleri hem bilime we maglumata daýanýar.

Ýurduň bilim ulgamynyň ösüşini bahalandyrmakda statistik maglumatlara aýratyn orun degişlidir. Statistik maglumatlar bilim ulgamynyň dürli ugurlarynda netijeliligiň we hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýurtda bilim derejesini seljermek, barlamak we bahalandyrmak ýaly ugurlarda statistik usullar giňden ulanylýar.

Bilimi barlamakda we bahalandyrmakda dürli statistik usullary ulanmak möhüm görkezijileriň öwrenilmegine şert döredýär. Statistik usullaryň kömegi bilen bilim derejesi barada alnan maglumatlar öz gezeginde, ýurduň bilim babatda kabul edilýän maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Şeýle-de, statistika bilimiň ösüşini we özgertmelerini meýilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda statistika babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän institut bolan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan jemlenýän maglumatlar bilim ulgamynyň ösüşine gözegçilik etmekde we degişli strategiýalary işläp taýýarlamakda wajyp serişdeleriň biridir.

Statistika bilimi dolandyrmakda iňňän möhüm wezipeleri çözmäge ugur görkezýär. Statistik maglumatlaryň kömegi bilen bilimiň haýsy ugruna maýa goýum goýmalydygyny we bilim edaralary üçin bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň haýsy ugurlara harçlanylmalydygyny​ kesgitlemäge şert döreýär. Ýurtda berilýän bilimiň hilini kesgitlemekde we seljermekde statistik maglumatlaryň ähmiýeti maglumatlar jemgyýetinde has uly ähmiýete eýe bolýar. Onuň netijesinde dürli bilim edaralarynyň netijeliligi deňeşdirilip, okuw maksatnamalarynyň täsirliligi hem öwrenilip bilner.

Statistik usullar bilimiň aýratyn ugurlary boýunça düýpli ylmy-barlaglary geçirmek üçin hem zerurdyr.

Sanly ykdysadyýet şertlerinde ýurtda bilim edaralary üçin merkezi sanly statistik maglumatlar platformalaryny döretmek netijeli täzelikleriň biri bolup, bu her bir bilim edarasy barada gyzyklanylýan​ maglumatlary jemlemekde we döwlet dolandyryşynda bu ugurda möhüm strategik maksatnamalary düzmekde ýardam eder. Bu platformanyň kömegi bilen haýsy ugurlara gyzyklanmanyň artýandygy, haýsy ugurlarda bilimiň derejesiniň ýokarlanýandygy, haýsy bilim edarasynda berilýän bilimiň netijeliliginiň ösýändigi, ugurlar boýunça gender deňligi ýaly statistik maglumatlary almakda netijeli işleriň başlangyjy bolup biler. Şeýle-de, bu häzirki döwrebap tehnologiýalaryň çäklerinde emeli aň bilen işleýän programmalaryň ornaşdyrylmagy bilen durmuşa geçirilse, has-da anyk netijeleri almaga ýardam eder.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän üns amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň netijesinde äşgär görünýär. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň “Döwlet dolandyryşy” maksatnamasynyň çäginde 2024-2025-nji​ okuw ýylynda magistrleri taýýarlamak boýunça täze ugurlaryň açylmagyny buýsanç bilen aýdyp bolar. Täze açylan ugurlaryň hatarynda bolsa “Ylym we bilim işlerini dolandyrmak” ugrunyň bar bolmagy we ylym-bilim işlerini dolandyrmakda kämil döwlet gullukçylarynyň taýýarlanylmagy ýurtda bilim ulgamyny ösdürmek babatynda amala aşyrylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagyna şert döreder.

Bibigül Nazarowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok