Hytaý dilindäki kitaplar gelip gowuşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna kitap neşirlerini sowgat berdi. Çärä institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary, talyplary, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň geňeşçisi Çžun Hua, birinji sekretary Sýan Weý, attaşesi Çan Min we Li Szýanin gatnaşdylar.

Türkmen ýokary okuw mekdebindäki dabarada diplomatik wekilhananyň ilçileri gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlaryna hem-de hytaý dili we edebiýaty boýunça okaýan talyplara kitaplary, okuw gollanmalaryny, sözlükleri, ajaýyp hytaý şahyrlarynyň eserleriniň we şygyrlarynyň ýygyndylaryny gowşurdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň dostlukly we hemme taraplaýyn ösdürilýän gatnaşyklaryna, şol sanda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyga bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda hünär taýýarlygy hem-de Türkmenistanda hytaý dili boýunça mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda netijeli gatnaşyklar, bilimiň dürli derejelerinde – orta mekdeplerde we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hytaý diliniň okadylyşy, şeýle hem türkmen ýaşlarynyň hytaý dilini öwrenmäge bolan artýan gyzyklanmasy barada gürrüň edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sowgat berilen edebiýatyň hytaý dilini öwrenmekde talyplaryň mümkinçiliklerini giňeltjekdigine, ony geljekde öňe ilerletmäge hem-de türkmen ýaşlarynyň arasynda has giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Bibijan UZAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok