Akguş – «Ýylyň türkmen edermen alabaýy»

Türkmen alabaýy halkymyzyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini, garaýyşlaryny baýlaşdyryp, halk medeniýetiniň wajyp ugruny emele getirýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýäde tanatmak, şol sanda alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi bolsa çuňňur many-mazmuna eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Hususan-da, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Akguş atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Aşgabat şäherinden hususy itşynas R.Kerimow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.

Mähri ALLABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok