Antarktida materiginde “Gök otly” meýdanlar artýar

Soňky barlaglaryň netijelerine görä Antarktida materiginde ösümlikleriň gögermegi soňky 50 ýylyň dowamynda 10 esse ýokarlandy.

Bütin dünýä howp salýan maýylganlyk Antarktida materigine hem özüniň erbet täsirini ýetirýär. Ägirt buz daglarynyň eremegi netijesinde ýaşyl öwüsýän meýdanlar gün-günden artýar. Antarktida materiginde ýaşyl otlaryň meýdanlarynyň köpelmegi diňe bir tebigatyň däl eýsem adamzadyň gelejegine hem örän uly howp salýar.

Britaniýanyň Antarktida gullugynyň sputnikden alan maglumatlaryna görä 1986-njy ýylda bary-ýogy 1 inedördül kilometrde gök otlar gögerýän bolsa 2021-nji ýylda bu görkeziji 12 inedördül kilometre barabar boldy. Ýer şarynda klimatyň üýtgemegi özüniň täsirini gönüden-göni Antarktida ýetirýär. Doktor Tomas Rolandyň aýtmagyna görä Antarktidada gök otly meýdanlarda esasan mohlar duş gelýär. Ekoulgamyň bozulmagy netijesinde howanyň maýlamagy bilen bu territoriýanyň has-da artmagyna garaşýandygyny belläp geçýän hünärmenler dürli hili howply bakteriýalaryň hem dörejekdigine takmyn edýärler. Doktor Tomas Rolandyň aýtmagyna görä adamzadyň öz bähbidini aramagynyň netijesinde ýabany tebigat zyýan çeker. Ekologiýanyň bozulmagyna getirer

Jeren PÄLWANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok