Dünýä ýüzünde ilatyň sany

  • BMG-nyň resmi saýtynda habar berlişine görä ýer ýüzünde ilatyň sany 2084-nji ýylda 10,3 mlrda ýetmegine garaşylýar.
  • Dünýä ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ortaça ýaşy hem XXI asyryň ahyryna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Aýallaryň ortaça ýaşy 84 ýaş, erkekleriň ortaça ýaşy bolsa 80 ýaşdan geçer diýip alymlar çaklaýarlar. HHR-da ilatyň sany 2100-nji ýylda 640 mln adama çenli azalar diýlip garaşylýan bolsa, tersine Hindistanda ilatyň sany şol döwürde 1,5 mlrd-dan geçer. Resmi saýtyň habar bermegine görä häzirki wagtda Hytaýda çaga dogulyş bir ýylda 10,5 mlna deň, bu görkeziji 2100-nji ýyla çenli 7,4 mlna çenli kemeler diýlip çaklanylýar.
  • Ilat sanynyň artyşy boýunça ýene-de iň öňde durýan ýurtlar Kongo, Tanzaniýa, Efiopiýa we Päkistandyr. Muňa seretmezden Ýewropa döwletlerinde ilatyň sanynyň mese-mälim kemelmegine garaşylýar.
  • BMG-nyň geçiren barlaglaryna, seljermelerine görä häzirki wagtda dünýäniň 63 döwleti demografiki kynçylyk çekýärler. Statistiki maglumatlara görä 1990-njy ýyllarda çaga dogulyş ortaça bir aýala 3,3 bolsa häzirki wagtda bu görkeziji 2,1 düşdi. 2070-nji ýyllaryň ahyryna çaklamalara görä 65 ýaşdan ýokary adamlaryň sany 18 ýaşa ýetmediklerden az bolar bu bolsa tebigy balansyň ýitmegine getirer. Demografiki landşaftyň güýçli üýtgemegi ykdysady we syýasy kynçylyklaryň döremegine hem getirer diýlip çaklanylýar.

Madina BAGTYÝAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok