Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haky döredildi

Karaçaý-Çerkessiýanyň A. U. Aliýew adyndaky döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haky döredildi.

Talyp hakynyň mukdary – 10 müň rubla barabar. Türkmeniň nusgawy şahyrynyň adyny göterýän talyp hakyna diňe iň gowy okaýan we jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşýan talyplar mynasyp bolup bilerler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Karaçaý-Çerkessiýanyň A. U. Aliýew adyndaky döwlet uniwersitetinde Türkmenistandan gelen köp sanly talyp okaýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly talyplar üçin onuň adyny göterýän talyp hakyny döretmek kararyna gelindi.

Ilkinji şahadatnamalar tebigat-geografiýa fakultetiniň magistri Altyn Bekmyradowa we filologiýa institutynyň aspiranty Ogulnar Töraýewa berildi.

Türki medeniýetiniň halkara guramasy 2024-nji ýyly — türk dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymgulynyň ýyly diýip yglan etdi. Magtymgulynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna hem girizildi.

Amangeldi ÝAŇYBAÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň
Telekommunikasiýalar fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok