Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bilim işgärleriniň makalalarynyň, hekaýalarynyň we goşgularynyň iň gowularyny çap etmegi nazarda tutup, «Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.

Bäsleşigiň düzgünnamasy

I. Umumy düzgünler.

1. Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýetini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagtyny, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanynyň waspyny makalalarda, hekaýalarda we goşgularda açyp görkezmekden ybarat.

2. Bäsleşige hödürlenilýän döredijilik işlerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynda gazanylan beýik ösüşler beýan edilmelidir. Şeýle hem bäsleşige hödürlenilýän döredijilik işlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli döwletlilik ýörelgelerimize daýanyp, ýaş nesli watançylyk we ajaýyp zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler wasp edilmelidir. Şonuň ýaly-da, nusgawy edebiýatymyzy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

3. Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ähli bilim işgärleri gatnaşyp bilerler.

II. Bäsleşigiň şertleri.

Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär:

— iň gowy makalalar;

— iň gowy hekaýalar;

— iň gowy goşgular.

Bäsleşige hödürlenilýän makalalar, hekaýalar we goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.

Bäsleşige ozal çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenilmelidir.

Bäsleşige hödürlenilýän döredijilik işleri çap edilen hem-de elektron göterijide bolmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän bilim işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, ylmy derejesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon belgisini görkezmelidir we döredijilik işini «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyna ibermelidir.

III. Bäsleşigi geçirmegiň we onuň jemini jemlemegiň tertibi.

Bäsleşige hödürlenilen döredijilik işleri bilim we döredijilik işgärlerinden düzülen ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap ediler.

Bäsleşigiň jemi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda — sentýabr aýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde jemlener.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-96-48, 39-96-40.
Gazetiň elektron poçtasy: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok