Güneşe iň ýakyn dördünji planeta bolan Mars köpýyllar bäri alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Marsda adamlaryň geljekde ýaşamaga ýer bolup biljekdigi barada çaklamalar hem bar. Marsyň gyzyl topragy bolmak bilen ol ýerde byr gije-gündiz 24 sagat 39 minuda deňdir. Onuň birnäçe wulkanlary, kraterleri we ägirt uly kanýonlary bar. Onuň topragynyň gyzyl bolmagy düzüminde demir oksidiniň saklanýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başgada planetanyň ýüzüstünde buzluklaryň we ýerasty suwlarynyň bolmagy ol ýerde ýaşayşyň bolandygy baradaky çaklamalary öňe sürýär. Onuň ululygy dünýäniň ýarysyna deň bolup ýerden 78 million kilometr uzaklykda ýerleşýär. Daglaryň köp bolmagy bilen iň uly dagy Olympus dagy bolup boýy 27 km. Marsyň magnit meýdanynyň ýoklugy sebäpli günüň zyýanly şöhleleriniň düşmegine sebäp bolýar. Ol ýerdäki buzluklaryň galyňlygy 3 kilometre çenli ýetýär. Klimaty boýunça aýdanymyzda gündizlerine 20°C gradus gijelerine -73°C gradus bolup ortaça temperatura -63°C gradusa deňdir.
Marsyň esasy täsinlikleriniň biri hem ol ýerde suwuň bolmagy irki döwürlerde okeanlaryň,kölleriň we derýalaryň bolandygynyň subutnamasy bolup durýar.Ikinjiden bolsa organiki birleşmeleriň galyndylarynyň tapylmagy,ýaşaýşyň bolandygy aňlatýar.Emma marsda ýaşaýşyň bolup-bolmandygy barada anyk maglumat ýok,ýöne tapylan tapyndylar ýaşaýşyň bolandygy baradaky ähtimallygy artdyrýar.Gelejekde ediljek işlerin netijesinde bolsa bu ugurda anyk maglumata garaşylýar.
Gurban ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler