Geçen agşam ýary gijeden soň, Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 292» ýaryşynyň çäginde litwaly Julius Englikas bilen nobatdaky tutluşygyna çykdy.

Geçirilen tutluşyk 3 döwden ybarat boldy. Aralary 5 minut bolan her döwde ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow garşydaşyndan artykmaçlygy bilen tapawutlandy.
Türkmeniň gerçek ogly Döwletjan eminleriň biragyzdan çykaran kararlaryna görä ýeňiji bolup Türkmen tugymyzy belentde galdyrdy. Bu ýeňiş Döwletjanyň 20-nji ýeňşi hökmünde bellige alyndy.
Biz hem Türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowy 20-nji ýeňşi bilen gyzgyn gutlaýarys!
Teswirler