Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2023-nji ýylyň ýurtda «Möwlana ýyly» diýlip yglan edilendigini mälim etdi. Bu baradaky Karar Türkiýäniň ýerli metbugat neşirlerinde çap edildi.
Türkiýäniň Prezidenti, Anadoly topraklarynda ýaşap geçen, ýürekleri birleşdiren yslam dünýäsinde at gazanan şahyr we akyldar Möwlana Jelaleddin Rumynyň bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny belläp geçdi.
Belläp geçsek, beýik türkmen akyldary Möwlana Jelaleddin Rumy 1207-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-na Balh topragynda dünýä inipdir we 1273-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-sine bolsa aradan çykypdyr. Milli edebiýaty öwreniş ylmynda şu wagta çenli Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili hökmünde tanalan Möwlana Jelaleddin Rumynyň aslynda türkmen milletinden dörän beýik şahsyýetdigini ylmy jemgyýetçilige belli edebiýatçy Annagurban Aşyrow aýan etdi. Bu barada onuň «Türkmeniň akyldar şahyry Möwlana Jelaleddin Rumy» atly ylmy makalasynda beýan edilýär.
Möwlana Jelaleddin Rumy (1207-1273) maglumatlara görä, asly türkmenleriň salyr taýpasyndan bolupdyr. Onuň kakasy Soltan Welet yslam äleminde ady uly hormat bilen tutulýan we Daşoguz welaýatynda ýaşap geçen Nejmeddin Kubradan tälim alypdyr.
Arslan ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler