Sport — parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamy hem uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, halkymyzyň saglygyny berkitmekde alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär. Şeýle bimöçber aladalaryň netijesinde ýurdumyzyň sportda gazanýan halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Güneşli Diýarymyzda ulanylmaga berilýän döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary ýaşlaryň söýgüli mekanyna öwrülip, onda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi — adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbi» diýlip kesgitlenilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bolsa döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary, çäreleri we tärleri göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan döwletimiziň sport abraýynyň artmagyna uly mümkinçilikleri döredip berýän,  halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Ödegeldi NURYMOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok