“Anadolu” habarlar agentliginiň wekilhanasy Türkmenistanda açyldy

Çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda ýerli we daşary ýurt metbugatynyň ynanç bildirilen žurnalistleri üçin metbugat duşuşgy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkiýäniň «Anadolu» agentliginiň Aşgabatda resmi wekilhanasyny açandygyny habar berdi. “Anadolu” habarlar agentligi Türkiýe Prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen “Anadolu” agentliginiň arasynda gol çekilen Ylalaşygy laýyklykda açylandyr.

Ilçi Togan Oral türkmen metbugatynyň derejesiniň ösüşini belläp oňa ýokary baha berdi. Şeýle-de Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat geňeşçisi wezipesine täze bellenen jenap H.Bektaşy duşuşyga gatnaşanlar bilen tanyşdyrdy.

Gadam GYLYÇMYRADOW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok