Innowasion ösüşiň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýakyn geljegiň bu ugurdaky anyk wezipelerini kesgitledi.

Konsepsiýanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň ýaşaýan we okaýan ýerine garamazdan, Halkara standartlarynyň häzirki zaman talaplarynyň derejesinde ýokary hilli bilim almak üçin giň mümkinçilik dörediler we sanly ulgama uýgunlaşan ösen şahsyýet kemala geler. Bilim dolandyryş edaralarynyň ählisiniň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi ýokary bilimli hünärmenleriň kemala gelmegine we täze innowasion tehnologiýalaryň oýlanyp tapylmagyna giň mümkinçilik döreder.

Häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda biziň durmuşymyzyň ähli ugurlary tehnologiýalaşdyrylýar. Indi olar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş müşgilliklerini ýeňilleşdirmäge ýardam berýär, ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde doly ykrar edilýär.

Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň baş şerti. Munuň şeýledigini üçünji müňýyllykda tutuş adamzat üçin ählumumy wehime öwrülen COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar hem doly subut etdi. Bu döwürde innowasiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ykdysady ösüşi gazanmagyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Çünki pandemiýa milli çäklerde-de, sebit we dünýä derejesinde hem ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsir etdi. Munuň özi agzalan döwürde innowasion tehnologiýalaryň adamzadyň durmuşynda eýeleýän ornuny, olaryň ösüş üçin örän zerurlygyny hakykat ýüzünde doly açyp görkezdi.

Eziz GAZAKOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok