Ýakynda “Toyota” awtoulaglary we “Komatsu” ekskawatorlary şeýle-de ätiýaçlyk şaýlary Ýaponiýadan Türkmenistana getiriler. Habar berilşine görä, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky satyn almagy maliýeleşdirmäge gatnaşýar.
Enjamlar ýurda “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation”, şeýle hem Türkmenistanyň Suw baýlyklary boýunça Döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň “Itoshu Corporation” arasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda geler.
Teswirler