Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinden professorlar, doktorlar, aspirantlar we talyp ýaşlar öz mowzuklary bilen gatnaşdylar. Bu ylmy-amaly maslahat birnäçe bölümlere bölündi. Maslahatyň dowamynda ylym we bilim, biziň ýurdumyzda ýaşlara ylym bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertler, we täze innowasion tehnologiýalar hem-de olary döwrebap ulanmagyň usullary barada gürrüň edildi.
Şeýle-de maşlahatda bu institutyň neşir edýän “Ýad diplomatyň sesi” atly içki gazeti we içki radio ýaýlymy barada gürrüň edildi. Maslahat täsirli we manyly ýagdaýda geçirilip gutardy.
Kerwen Kullyýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Teatr sungaty” fakultetiniň “Teleradio gepleşikleri
guramak we alyp barmak” hünariniň II ýyl talyby.
Teswirler