Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny

Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy günsaýyn artýar. Bitarplyk ýörelgelerine pugta uýup, dünýäde parahtçylygy ündemegi dünýä ýüzünde ýurdumyza bolan ynamy has-da artdyrýar. Merjen şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş etmegi hem yurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňligi hasam berkedi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise başlyklygyna 5 gezek saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasy we halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sazlaşykly we açyk syýasatyna ýokary baha berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistana goýýan hormaty, Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň ykdysady ulgamda, bilimde, ilatyň durmuş goraglylygy babatda amala aşyrýan anyk syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegidir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny has-da berkedi hem-de işjeňligi artdy. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de döwletimiziň halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alynyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty bu gün ösüş depgini, häzirki zamanyň hemmetaraplaýyn meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşmeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny gözleýändigi bilen tapawutlanýar. Düýpli halkara başlangyçlar we çuň özgertmeler Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykarmaga, halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň mynasyp ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, dürli ugurlar boýunça ençeme halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar.

.

Ataýew Alladurdy,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok