“Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň umumy meýdany 744 gektardan ybarat bolup, bu ýerde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragy gurular.
Maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk 4 sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän 4 sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
Bulardan başga-da, bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary gurular.
Bu ýerde kaşaň we belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.
Teswirler