YNAMLY ÖŇE GIDIŞLIKLER

“Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ” ýylymyzyň her bir güni, aýy özboluşly şan-şöhrata, unudylmaz pursatlara baý bolup başlady.

Çünki Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ähli pudaklara maglumat tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy ykdysady, syýasy we durmuş ösüşini barha ilerledýär.

Şunlukda täze tehnologiýalar hem-de sanly ulgam häzirki wagtda iň bir esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Ýagny,ýurdumyzda innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly halkara maslahatlar, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisi hem-de döwlet derejesinde ylmy amaly maslahatlar guralýar. Şeýle-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy has-da ösdürilýär, ýokary tizlikli internet aragatnaşyk ulgamy bolsa giň gerime eýe bolýar.

Biziň institutymyzda hem professor mugallymlar tarapyndan okuw işiniň guralşyny kämilleşdirmekde degişli işler dowamly alnyp barylýar, ýagny institutymyzda E dolandyryjy bilim portaly döredildi. Mugallymlar tarapyndan döredilen bu portala maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.

Bilim portalyna ýerleşdirilýän maglumatlarda tehnologiýanyň programma dilleriniň ýeten derejelerini, mümkinçiliklerini ulanmak, bir tarapdan talyplaryň üznüksiz bilim almaklaryny üpjün etse, beýleki tarapdan öwrenilýän hünär bilimlerini çalt ele almaklaryna oňaýly täsir edýär.

Şeýle-de institutymyzyň kafedralaryna degişli resminamalar elektron dolanşyga geçirildi. Okuw ýylynyň dowamynda her aýda çeçirilýän aralyk jemlemeleri, hasap-synag döwründe hasaplaryň we synaglaryň elektron dolanşyga geçirilmegi, teleköpri arkaly S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersiteti bilen sapaklaryryň guralyp tejribe alyşylmagy, doganlyk Özbegistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen teleköpri arkaly täsirli sapaklaryň guralmagy we sorag-jogap alyşylmagy talyplaryň alýan bilimleriniň çuňlaşmagyna, bilesigelijiliginiň ýokarlanmagyna, aň-düşünjesiniň ösmegine getirýär.

Ýagny Milli Liderimiziň belleýşi ýaly” Ýokary okuw mekdeplerinde döredilen prosesleriň üçüsiniň okuw, ylym we terbiýeçilik prosesleriň birleşdirilmegi okuw işine täze bilimleriň çalt aralaşmagyna we jemgyýetiň ýokary hünärli, ylmy we tehniki oý-pikiriň öňdebaryjy gazananlary bilen tanyş hünärmenlere bolan islegini kanagatlanmaga ýardam edýär” diýip aýdylanlardan ugur aldygymyz bolar.

Şeýle ajaýyp işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun.

Aşyrmät ANNAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok