“FIRST Global” adyndaky halkara robot ýasamak olimpiýadasy, her ýyl, millionlarça ýaşlaryň arasynda geçirilýär. Bu halkara robot ýasamak olimpiýadasy bu ýyl, 27-nji iýun we 25-nji sentýabr aralygynda onlaýn görnüşde geçip, ylym, tehnologiýa, inžinerçilik we matematika ugurlaryny öz içine alýar. Bu iri halkara olimpiýadada, bu ýyl, gatnaşýanlara jemi 29 sany ýumuş berilip, olary 25-nji sentýabra çenli dynmaklary talap edilýär. Tehnologiýa ugurlardan ýöriteleşen bu halkara olimpiýada, Türkmenistandan, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 9,10 we 11-nji synplary, robotlary ýasamak arkaly ýokary depginlikde taýýarlyk görýärler. Mekdep okuwçylary bu halkara bäsleşik üçin, Türkmenistanyň “Oguzrobot” adyndaky topary döredip, ençeme robotlary ýasaýarlar.

Mekdebiň 11-nji synplaryndan Mekan Çerkezow, Begli Rejepow, Ahmet Şyhlyýew we Dawut Akyýew dagylar “Oguzrobot” adyndaky roboty ýasap, ol suwuň içindäki ençeme zir-zibilleri ýygnamak bilen hyzmat edýär. Mundan başga-da “Oguzrobot” geçen ýyl, şu halkara bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy.

Mekdebiň 10-njy synplaryndan bolsa, Oguljan Nuriýewa we Aýlar Poladowa M.R.W.M.R (Mars Rover Waste Management Robot) adyndaky ýagny, Mars zir-zibil dolandyryş robotyny ýasap, bu robot her dürli ýerlerde zir-zibilleri toplamagy başarýar. Bu, M.R.W.M.R robodynyň aýratynlyklarynyň biri hem, bu robodyň aýaklarynyň düzüliş görnüşi, şu ýyl Marsa göýberilen “Mars Rover” robotynyňka meňzemegidir.

Şeýle hem, mekdebiň 9-njy synplaryndan Arslan Poladow, Nurmuhammer Nazarow, Ylham Rahmanow, Maksat Kakajanow, Turan Nursähedow we Pirguly Öwezow dagylar “Agricultural robot” we “EduRobot” adyndaky iki sany robody ýasadylar. “Agricultural robot” ýagny, oba-hojalyk robody, ekin meýdançalara we ýerlere tohumlary serpip, olary suwaryp we dermanlap başarýar. “EduRobot” adyndaky robot bolsa ýörite çagalar üçin niýetlenilip, olara sapaklary hem-de daşky gurşawy (miweler,haýwanlar,…) aňsatlyk bilen öwretmegi başarýar.

Bu okuwçylary, mekdebiň mugallymlary Berdimyrat Ýazhanow we Atamyrat Şahanow taýýarlap, olara tejribe gazanmaga uly ýardam berýär.
Arslan Annanyýazow
Teswirler