Çagalar bagynda döwrebap gurşaw

Türkmenistanda bilim ulgamynda özgertmeler yzgiderli alnyp barylýar. Täze bilim ojaklary açylyp ulanylmaga berilýär, öňden bäri işläp gelýänleriň bolsa durky täzelenýär.

Döredilýän şertlerden başga-da berilýän bilimiň hiliniň artdyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Çagalar baglarynda çagalaryň köpugurly ýetişmeklerine gönükdirilen işler alnyp barylýar. Aýdym-saz, surat çekmek, daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen bir hatarda sport we sagdyn durmuş endiklerini gazandyrmak hem çagalar baglarynyň maksatnamasyna girizilen. Pedagoglaryň, mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär derejesini artdyrmak üçin okuwlar we tejribe alyş-çalyş duşuşyklary ýygy-ýygydan geçirilýär.

Çagalaryň şadyýan çagalygyny hem gyzykly geçirmeklerini hem-de köpugurly bolup ýetişmeklerini ýola goýmak, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerini ýola goýar.

Bu ösüşde Türkmenistanda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň hem öz mynasyp goşandy bar.

«Ýaşlar syýasatyny» durmuş geçirmek üçin ýurduň ähli pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem işjeň çäreler alyp barýarlar.

Aşgabat şäheriniň 45-nji çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar döwrebap müňkinçiliklerden giňden peýdalanýarlar. Bu ýerde 2019-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşi hem-de TSTP-nyň Aşgabat şäher kommitetiniň guramagynda aýdym-sazly sport çäresi geçirildi. Geçirilen çärede körpeler birbiri bilen ýaryşdylar, aýdym-sazly we goşguly çykyşlar ýerine ýetirdiler.

Bu dabar çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

Merdan Ataýew

TSTP-nyň Aşgabat şäher kommitetiniň işjeň agzasy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok