P.I Çaýkowskiniň 180 ýyllygyna bagyşlanan konsert

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde penşenbe güni meşhur rus kompozitoryň, mugallymyň, dirižoryň we aýdym-saz tankytçysy Pýotr Iliç Çaýkowskiniň doglan gününiň 180 ýyllygyna bagyşlanan klassiki aýdym-saz konserti geçiriler.

Türkmenistanyň meşhur opera aýdymçylaryň we sazandalaryň tarapyndan «Spýaşaýa krasawisa» we «Lebedinoýe ozero» baletlerinden bölekleri, operalaryň ariýalary, «To bylo panneýu wesnoý», «Den li sarit», skripka konsertiniň II bölümi, Trio (skripka, wiolonçel we fortepýano) «Pamýati welikogo hudožnika» I bölümi we başga-da köp klassik saz eserleri bu konsertde ýerine ýetirilen.

Konsert Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda geçiriler.

Konsert sagat 18: 30 başlanar. Girmeklik mugt.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok