Häzirki döwürde ýaş nesliň saglygyny goramak, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek jemgyýetiň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy we dogry iýmitlenmegi olaryň geljekde kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem bilim edaralarynda okuwçylaryň saglygyna aýratyn üns berilmelidir.
Ýaşlaryň saglygy olaryň okuwda gazanýan üstünliklerine, pikirleniş ukybyna we gündelik işjeňligine gönüden-göni täsir edýär. Sagdyn çaga sapaklara işjeň gatnaşýar, maglumatlary çalt özleşdirýär we özüni ruhubelent duýýar. Munuň üçin okuwçylar gündelik düzgün-nyzamyny berjaý etmeli, ýeterlik dynç almaly, şahsy arassaçylygy saklamaly we peýdaly iýmitleri kabul etmelidirler.
Şeýle hem, okuwçylaryň kompýuteriň we beýleki elektron enjamlaryň öňünde uzak wagtlap oturmagynyň öňüni almak möhümdir. Sapaklaryň arasynda hereket etmek, arassa howada gezelenç etmek we bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek saglygyň berkemegine ýardam berýär.
Sport ýaşlaryň beden taýdan ösmegine, myşsalarynyň berkemegine we çydamlylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak bedeniň hereketjeňligini artdyrýar, ruhy dartgynlylygy azaltmaga we işjeňligi saklamaga kömek edýär.
Sport diňe bir beden saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem okuwçylarda tertiplilik, sabyrlylyk, maksada okgunlylyk we topar bolup işlemek ýaly häsiýetleri hem terbiýeleýär.
Amangeldi DURDYGYLYJOW,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň
21-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.
Teswirler