Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçirildi

10–12-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Her ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp guralýan bu çäre degişli ulgamlaryň gazananlaryny görkezmäge we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.

Sergä saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri, lukmançylyk merkezleriniň hünärmenleri, alymlar, mugallymlar, halkara guramalaryň wekilleri hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, lukmançylyk ylmynyň gazananlary, bilim ulgamyndaky täzelikler we sportuň ösüşi bilen bagly maglumatlar görkezildi. Şeýle hem keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek we häzirki zaman tehnologiýalaryny degişli ulgamlara ornaşdyrmak meselelerine üns berildi.

Halkara sergi we ylmy maslahat dürli ýurtlaryň hünärmenlerine tejribe alyşmaga, täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok