Türkmen talyplary «John Deere» kompaniýasynyň önümçilik tejribesi bilen tanyşdylar

S​.A​. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünärinde okaýan 10 talyby iki mugallymyň ýolbaşçylygynda Germaniýada we Niderlandlarda​ «John​ Deere International GmbH» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler.

19–26-njy​ sentýabr aralygynda guralan okuw saparynyň esasy maksady dünýä belli maşyn gurluşyk kompaniýasynyň öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny öwrenmek we häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak boldy.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Mangeým şäherindäki traktor zawodynda, şeýle hem maldarçylyk pudagyna ýöriteleşen «Lehr​ und Versuchsanstalt​ Neumühle​» ylmy-okuw önümçilik kärhanasynda boldular. Talyplar bu ýerde kuwwatly oba hojalyk maşynlarynyň ulanylyş düzgünleri we olaryň iş aýratynlyklary barada amaly maglumatlary aldylar.

«John​ Deere Forum» merkezinde kompaniýanyň hünärmenleri onuň dörediliş taryhy, ösüş ýoly, gazanan üstünlikleri we geljek üçin meýilnamalary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem müşderileriň aýratyn isleglerine laýyklykda tehnika öndürmek mümkinçilikleri barada maglumat berildi. Talyplar tehnikanyň şaýlaryny taýýarlamakdan başlap, taýýar maşynlary ýygnamaklyga çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlaryna syn etdiler.

Niderlandlaryň​ Horst​ şäherindäki «John​ Deere» zawodyna guralan sapar hem tejribeligiň möhüm bölegine öwrüldi. Bu kärhanada asylýan we özi ýöreýän pürküjiler öndürilýär. Türkmen talyplary M700i​, M900i​, R414i​ we R4150i​ modelleriniň, şeýle hem täze 550R​ özi ýöreýän pürküjiniň​ önümçilik tapgyrlary we innowasion çözgütleri bilen tanyşdylar.

Kompaniýanyň wekilleri oba hojalyk ekinlerine dökünleri we ösümlikleri goramak serişdelerini ýokary takyklykda sepmäge mümkinçilik berýän «ExactApply​» ulgamynyň işleýşi barada düşündiriş berdiler. Mundan başga-da, kameralaryň kömegi bilen haşal otlary kesgitläp, diňe zerur ýerleri işläp bejermäge mümkinçilik berýän «See​ and Spray​» tehnologiýasynyň aýratynlyklary tanyşdyryldy.

Önümçilik tejribesi talyplara nazary bilimlerini amaly endikler bilen utgaşdyrmaga, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň gurluşyny we ulanylyş aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem sapar olaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde we tejribelerini baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.


Leýli AMANGYLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok