Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen 77-nji Halkara Astronawtika kongresine ýüzlerçe täjirçilik kosmos kompaniýasy gatnaşdy. Çäräniň dowamynda hytaý kompaniýalary raketa tehnologiýalaryny, emeli hemralary, ýerüsti infrastruktura ulgamlaryny we sanly hyzmatlaryny tanyşdyrdylar.
Bäş gün dowam edýän kongres «Dünýä has köp kosmos gerek» diýen şygar bilen geçirilip, Aýy öwrenmek, hemra tehnologiýalary, emeli aň, kosmos howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy.
Hytaýyň kosmos pudagynda işleýän kompaniýalary daşary ýurt bazarlarynda öz işini giňeltmäge aýratyn üns berýärler. Olar diňe bir tehniki enjamlary däl, eýsem bilim we tejribe alyşmak, ýerli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatlary hem hödürleýärler.
«STAR.VISION» kompaniýasy Omanyň hyzmatdaş kärhanasy bilen 0,5 metr çözgütliligine eýe bolan iki sany täze emeli aň hemrasyny döretmek barada ylalaşyk baglaşdy. Taslama tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bir hatarda, bilimleri paýlaşmagy we hünärmenleri taýýarlamagy hem göz öňünde tutýar.
Halkara kosmos infrastrukturasyny ösdürmek boýunça «Emposat» kompaniýasy hem iş alyp barýar. Kompaniýa daşary ýurtlarda eýýäm on töweregi ýerüsti stansiýany gurup, bu ulgamy Hytaýyň kosmos tehnologiýalaryny dünýä bazarynda öňe sürmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.
Şol bir wagtyň özünde, öndürijiler hemra ulgamlarynyň çykdajylaryny azaltmak we tehniki netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri işläp düzýärler. «Final Frontier» kompaniýasynyň maglumatyna görä, mikroshemalardan başlap, doly taýýar hemralara çenli dürli derejelerde ulanylýan tehnologiýalar önümçilik çykdajylaryny azaltmaga we enjamlaryň häsiýetnamalaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Hytaý kompaniýalary mikroagyrlyk şertlerinde ylmy barlaglary geçirmek üçin niýetlenen täjirçilik kosmos apparatlaryny döretmäge hem girişýärler. «CAS Space» kompaniýasy geljek ýylyň başynda kosmos lukmançylygy boýunça barlaglary geçirmekde hem ulanylyp bilinjek, gaýtadan peýdalanmaga niýetlenen «Lihong-2» suborbital apparatynyň ilkinji uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Guwanç BATYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler