Ýewropa bilen Aziýany, Gara deňiz bilen Mermer deňzini birleşdirýän Bosfor bogazy asyrlaryň dowamynda söwda ýollarynyň we dürli medeniýetleriň çatrygy bolup gelýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda bu taryhy suw giňişligi ýene-de halkara ýelkenli ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Üç gün dowam eden Bosphorus Cup regattasy öz taryhynda 25 ýyllygyny belläp, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ekipažlary we ýerli ýahtaçylary bir ýere jemledi.
Ýaryş günlerinde Stambulyň janly gämi gatnawy bilen tapawutlanýan bogazynda ýelkenli gämiler bäsleşdiler. Gatnaşyjylar şäheriň asma köprüleriniň we taryhy etraplarynyň arasynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Çärýek asyrdan bäri geçirilýän Bosphorus Cup diňe bir sport çäresi bolman, eýsem Stambulyň özboluşly keşbini suwdan we kenardan synlamaga mümkinçilik berýän halkara çäredir. Ýaryşlary kenarýaka gezelenç ýerlerinden mugt synlamak bolýar. Osman köşkleriniň, taryhy binalaryň we janly şäher etraplarynyň fonunda hereket edýän ak ýelkenler Bosforyň gözelligini has-da aýdyň görkezýär.
Stambulyň bu bölegini öwrenmegiň amatly ýollarynyň biri şäher paromlaryna ýa-da Kabataş we Eminönü duralgalaryndan ugraýan gezelenç gämilerine münmekdir. Suw üstünden Osman köşkleriniň, gadymy galalaryň we kenarýakada ýerleşýän däp bolan «ýaly» köşk-willalarynyň görnüşlerini synlamak bolýar.
Şäheriň golaýyndaky Şazada adalary hem syýahatçylar üçin özüne çekiji ugurlaryň biridir. Büýükada, Heýbeliada, Kynalyada, Burgazada we Sedef adalary ýaşyl baglaryň arasynda ýerleşýän agaç willalary, asuda köçeleri we kenarýaka restoranlary bilen tapawutlanýar. Bu ýerler şäheriň hereketli durmuşyndan biraz daşlaşyp, dynç almak üçin amatly mümkinçilik döredýär.
Bosphorus Cup regattasy sport bäsleşigini, deňiz syýahatyny we şäheriň taryhy-medeni mirasyny bir ýere jemläp, Stambulyň halkara syýahatçylyk merkezleriniň biri hökmünde özüne çekijiligini ýene bir gezek görkezdi.
Selbi ALLAMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler