Amsterdam şäherinde geçirilen World AI Summit halkara sammitinde Hytaý kompaniýalary emeli aň we robototehnika ugurlaryndaky täze işläp taýýarlamalaryny köpçülige hödürlediler. Sergide Unitree Robotics kompaniýasynyň adam şekilli we dört aýakly robotlary aýratyn üns çekip, myhmanlara öz mümkinçiliklerini görkezdi.
Ggeçirilen çäre emeli aňyň howpsuzlygy, täze algoritmleriň işlenip düzülmegi, emeli aň agentleri hem-de bu tehnologiýalaryň işewürlikde amaly ulanylyşy ýaly meseleleri öz içine aldy.
Sammitiň dowamynda Hytaýyň emeli aň pudagyndaky ornunyň barha güýçlenýändigi bellenildi. Nvidia kompaniýasynyň wekili Saýmon Si DeepSeek, Moonshot we Alibaba ýaly hytaý kompaniýalarynyň gazananlaryny aýratyn nygtap, olaryň täze algoritmleriň ösdürilmegine goşýan goşandyna ünsi çekdi.
Hytaýyň bu ugurdaky mümkinçilikleriniň giňelmegi halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky meýilnamalarda hem öz beýanyny tapdy. World AI Summit-iň guramaçylary indiki ýyl Hytaýda çäräniň aýratyn görnüşini geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin Shanghai International Exhibition Group guramasynyň wekillerini sammite çagyrdylar.
Gurama tarapyndan berlen maglumata görä, onuň prezidenti Sýuý Szýa halkara sammitine gatnaşýan hytaý kompaniýalarynyň we wekiliýetleriniň sanyny artdyrmak boýunça hem meýilnamalaryň bardygyny aýtdy.
Hytaý kompaniýalarynyň robototehnika, emeli aň algoritmleri we akylly ulgamlary ösdürmek boýunça alyp barýan işleri olaryň halkara tehnologiýa bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar. Şeýle çäreler bolsa emeli aň ulgamynda tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Gülälek AGAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler