2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdepde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna we iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryna bagyşlanan açyk sapak geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Açyk sapak Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan guraldy. Oňa Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri bilen bir hatarda mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlary, okuwçylary hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň sebitdäki bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýetip gelýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada maglumat berildi. Çäräniň mazmunynda Türkmenistanyň alyp barýan halkara başlangyçlary we Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada hem pikir alyşmalar geçirildi.
Açyk sapagyň okuwçylar üçin aýratyn ähmiýeti onuň diňe bir maglumat beriji çäre hökmünde däl, eýsem iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan duşuşyk hökmünde guralandygy bilen bagly boldy. Çärede türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, taryhy we däp-dessurlary bilen baglanyşykly meselelere hem üns çekildi.
Çäräniň ahyrynda myhmanlar Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň muzeýine aýlandylar. Bu ýerde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna, milli däp-dessurlaryna degişli gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy.
Funtowo obasynda geçirilen bu duşuşyk Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdepde türkmen medeniýetiniň we milli mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýene bir mümkinçilik döretdi. Şeýle çäreler ýaş nesliň taryhy-medeni gymmatlyklar baradaky düşünjesini baýlaşdyrmak bilen birlikde, ýurtlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge hem hyzmat edýär.
Ogulboldy Çaryýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby
Teswirler