Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilmegi ýaşlar üçin diňe bir baýramçylyk däl, eýsem täze maksatlara tarap ädilýän möhüm başlangyçdyr. Şu mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagy hem şu giň mazmunly wezipeleri öňe çykardy.
Bu sapagyň aýratynlygy onuň diňe okuw we hünär meselesi bilen çäklenmän, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine degişli meseleleri hem öz içine almagydyr. Çykyşda bilim, watançylyk, ahlak, milli miras, zähmet, häzirki zaman tehnologiýalary we jemgyýetdäki jogapkärçilik özara baglanyşykly düşünjeler hökmünde beýan edildi.
Umumy okuwyň ilkinji böleginde, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň häzirki ösüşi we daşary syýasaty barada gürrüň etdi. Ýurdumyzda alnyp barylýan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň esasy ýörelgeleri, hemişelik Bitaraplygyň ähmiýeti, halkara hyzmatdaşlygyň we dialogyň orny aýratyn nygtaldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna hem üns çekildi.
Ýaşlaryň geljekdäki ornuna degişli bölümde bolsa täze döwrüň hünärmenine bildirilýän talaplar öňe çykaryldy. Häzirki wagtda tehnologiýalaryň we emeli aňyň çalt ösmegi bilimli, döwrebap pikirlenýän we täze çözgütleri teklip edip bilýän ýaşlara bolan zerurlygy artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň üstünde işlemekde ýaşlaryň we talyplaryň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň bu umumy okuw sapagynyň ýene bir möhüm ugry milli taryh we terbiýe boldy. Türkmen halkynyň gadymy medeni merkezleri, taryhy mirasy we nesilden-nesle geçýän ahlak ýörelgeleri barada gürrüň edilmegi ýaşlaryň öz köklerine düşünmeginiň zerurdygyny öňe çykarýar. Şol bir wagtyň özünde maşgalanyň we mugallymyň ýaş nesliň dünýägaraýşynyň kemala gelmegindäki jogapkärçiligine aýratyn orun berildi.
Häzirki wagtda bilim diňe bir okuw kitabynyň çägindäki maglumat däl. Ol hünär, başarnyk, tehnologiýa we özbaşdak pikirlenmek bilen utgaşýar. Umumy okuwda ýaşlaryň okamagy, hünär öwrenmegi, ylmy gözleglere we innowasion işlere gatnaşmagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada hem aýdyldy. Ýurdumyzda täze bilim edaralarynyň açylmagy, okuwçylaryň ilkinji bilim ädimlerini döwrebap tehnologiýalar bilen başlamagy bu ugurdaky işleriň dowamly häsiýete eýedigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagynyň many-mazmunynda ýene bir möhüm pikir, ýaşlaryň geljegi diňe bilim derejesi bilen däl, eýsem şol bilimi nähili maksat bilen ulanýandygy bilen hem baglydyr. Watana peýda getirýän zähmet, milli gymmatlyklara hormat, jemgyýet öňündäki jogapkärçilik we häzirki zaman mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak ýaş nesle goýulýan esasy talaplaryň arasynda görkezildi.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde geçirilen umumy okuw sapagy ýaşlara diňe bir täze okuw ýylyna giriş hökmünde däl, eýsem olaryň geljekki durmuş ýoluna degişli garaýyşlary kesgitleýän giň mazmunly duşuşyk hökmünde ähmiýetlidir.
Altynjemal Kakabaýewa,
S.A Nyýazow adyndaky TOHU-niň talyby.
Teswirler