Sungat ojagymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi

Türkmenistan ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni her ýylyň 1-nji sentýabrynda giňden we dabaraly bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde, ýörite we ýokary okuw jaýlarynda täze okuw ýyly başlanýar. Täze häzirki zaman mekdepler, çagalar baglary we ýokary okuw jaýynyň binalary ulanylmaga berilýär. Okuwçylara, talyplara we bilim işgärlerine döwlet derejesinde sowgatlar gowşurylyp, mähirli gutlaglar aýdylýar. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze – 2026-2027-njii okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady. Häzirki wagtda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar.

Bedew bady bilen öňe barýan asuda, parahat Watanymyzyň rowaçly menzilleri dünýä ýaň salýar. Biz muny ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ägirt uly işlerde görýäris. Jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim almak mümkinçiliginiň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň orta okuw mekdeplerinde, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilim ojaklarynda dünýäniň ösen döwrebap okuw tehniki enjamlary we täze tehnologiýalary ornaşdyrylyp, okatmagyň innowasion usulyýeti giňden peýdalanylyp ýaşlara bilim berilýär. Ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdir. Edep-terbiýe, ylym-bilim hemişe ynsanyň bedeninde sazlaşykda bolýar. Ylmyň-bilimiň çägi ýok. Giň umman ýaly aňyrsyna bärsine göz kürekleseň, ynsanyň ýagty ertirini şöhlelendirýär.

Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

TAWUS GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly ylmy işgäri

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok