Aşgabat şäherindäki Mukamlar köşgünde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň çäklerinde guralan bu bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiş gazanan ýaş ýerine ýetirijiler gatnaşdylar. Jemleýji tapgyra Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de welaýatlarymyzdan 14 bagşy we 14 dutarçy sazanda gatnaşdy.
Bäsleşigiň dowamynda dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Gatnaşyjylar türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çykyşlarda türkmen halkynyň baý saz we aýdym-saz mirasy, milli gymmatlyklarymyz hem-de ahalteke bedewleri wasp edildi.
Bäsleşigiň çäklerinde gatnaşyjylar üçin Mukamlar köşgüniň eýwanynda sergi hem guraldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, milli saz gurallary hem-de ussat bagşy-sazandalaryň fotosuratlary görkezildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, üstünlikli çykyş edip, ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalar Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.
Ýeňijileriň sanawy:
- Aşgabat şäheri boýunça:
- Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Şeker Şöhradowna Allagulyýewa;
- Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Täçmämmet Altymyradowiç Pürmämmedow.
- Arkadag şäheri boýunça:
- Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Ýusup Gaýgysyzowiç Baýjykow;
- Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 3-nji ýyl talyby Didarmuhammet Wepaýew.
- Ahal welaýaty boýunça:
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Merdanowna Jumabaýewa;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Yhlas Kakageldiýewiç Samadow.
- Balkan welaýaty boýunça:
- Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Güljemal Rejepmyradowna Çakanowa;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Öwezgeldi Baýramgeldiýewiç Gutlyýew.
- Daşoguz welaýaty boýunça:
- Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Aýperi Begenjowna Artykowa;
- Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň saz sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Sahy Nepesowiç Täçmedow.
- Lebap welaýaty boýunça:
- Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Esen Bagtyýarowiç Atamuradow;
- Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Jeýhun Ataniýazowiç Çaryýew.
- Mary welaýaty boýunça:
- Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Oguljennet Bazarmyradowna Hojakowa;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýnäzli Maksatmyradowna Rahmanowa.
Ýeňijilere ýörite diplomlar hem gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşigi ýaş ýerine ýetirijileriň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek, milli bagşyçylyk we dutar saz çalmak däplerini ýaş nesliň arasynda ösdürmek babatda ähmiýetli çäreleriň biri boldy.
Teswirler