Aşgabatda täze Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde çagalaryň saglygyny goramaga niýetlenen täze Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Häzirki wagtda desganyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Halkara pediatriýa merkezi 5 gatdan ybarat bolup, 3 ýaşdan uly çagalar üçin lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Merkezde çagalaryň ýagdaýyny anyklamak, bejermek we degişli lukmançylyk gözegçiligini geçirmek üçin döwrebap şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Taslama laýyklykda, merkezde kliniki barlaghanalar, operasiýa otaglary, ýatym otaglary, şeýle hem beýleki zerur lukmançylyk bölümleri ýerleşdiriler. Desgada dürli görnüşli häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Merkeziň düzüminde lukmançylyk hyzmatlaryndan başga-da, maslahat beriş we anyklaýyş-bejeriş ugurlaryna degişli mümkinçilikleriň döredilmegine üns berilýär. Şeýle hem çagalar üçin ýörite oýun meýdançasynyň we ugurdaş desgalaryň bolmagy göz öňünde tutulýar.

Halkara pediatriýa merkezinde dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa çagalar üçin ýokary derejeli anyklaýyş we bejeriş mümkinçiliklerini döretmäge şert döreder.

Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen paýtagtymyzda çagalaryň saglygyny goramak ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitjek täze döwrebap lukmançylyk toplumy peýda bolar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok