Bilim ministrligi bilen PETRONAS arasynda Ähtnama gol çekildi

Türkmenistan bilen PETRONAS arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekildi

Aşgabat, 21 awgust 2026 — Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin hem-de PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd. kompaniýasynyň Baş direktory Ismadi bin Ismailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Duşuşykda iki ýurduň bilim ulgamyndaky häzirki hyzmatdaşlygy we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

PETRONAS-yň Türkmenistandaky köpýyllyk işi iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde bellenildi. Kompaniýanyň goldawy bilen türkmen ýaşlaryna Malaýziýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin yzygiderli stipendiýalar berilýär. Şolaryň hatarynda Universiti Teknologi PETRONAS-da bilim almak mümkinçilikleri hem bar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktorydygy hem bellenildi.

Häzirki wagta çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda 20-ä golaý hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi. Şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde geçirilen «Türkmenistan–Malaýziýa: nebit-gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň 30 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň dowamynda Türkmenistanyň üç ýokary okuw mekdebi bilen Malaýziýanyň Universiti Tenaga Nasional uniwersitetiniň arasynda talyplaryň alyş-çalşygy we akademiki hereketlilik maksatnamalary boýunça üç ylalaşyga gol çekildi.

Duşuşykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, PETRONAS hem-de Universiti Teknologi PETRONAS bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary Universiti Teknologi PETRONAS-da hünär kämilleşdiriş okuwlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.

Duşuşygyň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd. kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi boldy. Bu waka PETRONAS-yň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bilen gabat geldi.

Täze Ähtnama bilim we hünär taýýarlygy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki täze başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge şert döreder.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekde hem yzygiderli ösdüriljekdigine we Ähtnamada kesgitlenen maksatlaryň ýakyn wagtda iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok