Syýahatçylyk halklaryň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan, ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasy, täsin tebigaty, gadymy şäherleri, Garagum sährasy we Hazar deňziniň kenary bilen syýahatçylyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
Ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny döwrebap ösdürmäge we onuň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri dünýä jemgyýetçiligine has giňden tanyşdyrylýar.
Paýtdagtymyz Aşgabatda geçirilen «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty bu ugurdaky möhüm çäreleriň biri boldy. Oňa halkara guramalaryň, daşary ýurtly syýahatçylyk kompaniýalarynyň we degişli pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak, täze taslamalary durmuşa geçirmek we pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem okuw maslahatlary, ylmy-amaly duşuşyklar we hünär okuwlary geçirilip, ýaş hünärmenleriň bilimini ýokarlandyrmaga hem-de halkara tejribäni öwrenmäge giň mümkinçilik döredildi.
Häzirki döwürde syýahatçylygyň ösüşi diňe syýahatçylaryň sany bilen däl, eýsem hyzmatlaryň hili, döwrebap infrastruktura we hünärli işgärler bilen hem kesgitlenýär. Şonuň üçin syýahatçylyk pudagynda bilimli hünärmenleri taýýarlamak, täze ugurlary döretmek we milli mirasy döwrebap syýahatçylyk önümlerine öwürmek möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, milli medeniýeti, tebigy gözellikleri we Hazaryň kenaryndaky dynç alyş mümkinçilikleri ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk kartasyndaky ornuny has-da berkitmäge şert döredýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler syýahatçylygyň täze menzillerine tarap ynamly ädimleriň ädilýändigini görkezýär.
Annagurban Gurbanow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby
Teswirler