Emeli aň häzirki wagtda ýönekeý bir ylmy-fantastika degişli bir geljekki düşünje bolman, eýsem ol gündelik durmuşda we bilim ulgamynda işjeň ulanylýan we her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi boljak gurala öwrüldi diýip bileris. Emeli aňyň enjamlarynyň bilim ulgamyna düýpli ornaşmagy bilen olar talyplaryň öwrenişini, mugallymlaryň okadyşyny we ýokary okuw jaýlarynyň işleýşini düýpgöter üýtgedýär. Bu tehnologiki çalşygy ulanmaklyk şahsy ösüşi we täsirliligi artdyrmak üçin mümkinçilikleri döredýändigine garamazdan, mugallymlaryň we talyplaryň bilelikde baş alyp çykmaly çylşyrymlyklara hem duş gelmegi mümkindir.
Taryhda mälim bolşy ýaly, adaty synp sapagy ýeke bilim işgäriniň talyplar toparyna birmeňzeş şekilde bilim bermegi diýip düşünilýärdi. Bu ulgam hemişe ukyply talyplaryň gyzyklanmany ýitirip, käbir talyplaryň bolsa yza galmagyna sebäp bolýardy. Häzirki wagtda bolsa emeli aňyň kömegi bilen her bir talyp üçin indiwidual seljerme esasynda olaryň güýçli, gowşak taraplaryny we öwrenmek ukybyny şol wagtyň özünde kesgitläp bolýar. Eger-de, talyp belli bir düşünjä düşünmese, ulgam şol ugur boýunça üýtgeşik mysallar getirip, gönükmeler hödürläp, ýönekeý dilde düşündirmäge synanşar. Ukyply talyplar üçin bolsa olary gyzyklandyryp biljek maglumatlar berip biler. Şeýlelikde, adaty meýilnama esasynda geçilmeli maglumatlary kabul edip, olara düşünmekden hiç bir talybyň yza tesdirilmezligi ýa-da yza galmazlygy ýola goýlar.
Emeli aň mugallymlaryň administratiw ýerine ýetirmeli işlerinde hem kömekçi bolup çykyş edip biler. Awtomatlaşdyrylan bahalandyrma, sapaklaryň meýilnamalary we maksatnama laýyk geljek okuw gollanmalarynyň saýlawy ýaly hereketler emeli aňyň üsti bilen ýerine ýetrilip, mugallymlaryň işini has ýeňilleşdirip, okuw prosesine we talyplara has köp üns bermegine ýardam edip biler.
Özüniň ägirt mümkinçiliklerine garamazdan, emeli aňyň bilim ulgamyna çalt ýaýramagy birnäçe ulgamlarda ünsli bolmagy talap edýär.
Akademiki durnuklylyk we kritiki pikirlenme: Döredilen tekstleriň we mesele çözüş modelleriň ösüşi bilen göçürmek aňsatlaşdy. Bilim işgärleri bolsa talyplaryň kritiki pikirlenmesini we okamak ukybyny kesgitlemekde kynçylyk çekip biler.
Şahsy maglumatlar we goraglylyk: Emeli aňyň bilim tehnologiýalary talyplaryň şahsy maglumatlaryny ýygnaýar. Bu maglumatlaryň goraglylygy, etiki saklanyşy hakynda bizde doly maglumatlar ýok.
Emeli aňyň bilimde ulanylmagynyň esasy maksatlarynyň biri mugallymlaryň ýerini çalyşmak däl-de, olaryň täsirini has-da güýçlendirmek bolup durýar. Tehnologiýa administratiw işleri awtomatlaşdyryp, berlen maglumatlar bilen işleşip, we gerekli, peýdaly mazmuny berip biler emma bilim işgärleriniň berip biljek duýgudaşlygynyň, ylhamyň, halypalygyň ýa-da emosional aňyň ýerini çalşyryp bilmez. Bilim ulgamynyň ösmeginiň dowam edýändigi sebäpli iň üstünlikli çemeleşmeleriň biri hem tehnologiýalary dogry we maksadalaýyk ulanyp, adamzadyň bilime bolan gyzyklanmasynyň has akylly we içgin bolmagy üçin emeli aňyň güýjünden peýdalanmak makuldyr.
Şeker Ataýewa,
Halkara senagatçylar we telekçiler
uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy
Teswirler