Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, şeýle hem çagalary diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça döwlet derejesindäki çäreler yzygiderli güýçlendirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler 5-nji awgustda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahatynda giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahat Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikdäki guramagynda geçirildi. Çärä döwlet edaralarynyň, Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ene süýdi bilen iýmitlendirmek diňe bir lukmançylyk taýdan däl, eýsem döwlet derejesinde möhüm sosial-syýasy ähmiýete eýe bolup, sagdyn nesli kemala getirmegiň esasy binýadyny düzýär. Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdüniň berilmegi milli saglyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň giňeldilýändigini nygtap, göwrelilik döwründen başlap, dogumdan soňky döwre çenli enelere ulgamlaýyn lukmançylyk goldawynyň berilmeginiň zerurdygyny belledi.
Maslahatda ýerli derejede eneleriň gatnaşmagynda «deňe-deň» ýörelgesi esasynda maslahat beriş ulgamyny ösdürmek, şeýle hem laktasiýa boýunça hünärmenleriň we şepagat uýalarynyň bu işe has işjeň çekilmegi boýunça teklipler öňe sürüldi. Bu çäreleriň döwlet derejesinde saglyk ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigi nygtaldy.
Şeýle hem jemgyýetçilik habardarlygyny ýokarlandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns çekildi. Döwlet derejesinde emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmekde işewür pudagyň hem gatnaşygyny giňeltmek teklip edildi.
Bu başlangyçlar Türkmenistanda 2026–2030-njy ýyllar üçin tassyklanan «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» Milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenýär. Maksatnama ýurduň geljekki nesliniň saglygyny üpjün etmäge gönükdirilen strategik ugurlaryň biri bolup durýar.
Çeşme: TDH
Teswirler