Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi 22-nji iýunda badalga alýar

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa döwlet Baştutanyna hasabat berip, Medeniýet hepdeliginiň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22–27-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini aýtdy.

Hepdeligiň esasy çäreleri Balkanabat şäherinde guralar. Forumyň açylyş we ýapylyş dabaralary «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiriler. Şeýle-de maksatnamada aýdym-saz çykyşlary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, edebi agşamlar, kino görkezilişleri we teatr sahnalary göz öňünde tutulýar.

Medeniýet hepdeliginiň dowamynda öň yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry tarapyndan gatnaşyjylara we myhmanlara «Leýli we Mejnun» operasy hödürlener.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, milli medeni mirasy gorap saklamaga, ösdürmäge we dünýä derejesinde wagyz etmäge döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany hünär baýramçylygyna bagyşlanan döredijilik çäreleriniň ýurduň medeni durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Dünýägözel Hakiýewa,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň dizaýner grafik baş hünärmeni

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH).

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok