Moskwa şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri ýokary derejede guralyp, üstünlikli tamamlandy. Medeni çärä türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dürli ugurlaryny öz içine alyp, oňa medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, tanymal artistler, opera aýdymçylary, estrada ýerine ýetirijileri, meşhur aýdym-saz we tans toparlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, iki döwletiň işewür toparlarynyň agzalary, medeni edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, alymlar, döredijilik işgärleri, žurnalistler, talyplar hem-de türkmen diasporasynyň agzalary gatnaşdylar.
Medeniýet günleriniň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen P.I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektorlarynyň duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda medeniýet we sungat ulgamynda özara tejribe alyşmak, bilim işiniň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle-de M.I. Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda türkmen we rus ýazyjylarynyň döredijilik duşuşygy guraldy. Duşuşygyň dowamynda edebi hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara tejribe paýlaşmak hem-de kitaphana işi boýunça gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dünýägözel HAKIÝEWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň
dizaýner grafik baş hünärmeni.
Teswirler