Buharestde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýi binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyly – miras we medeniýet baýramy” atly sergi açyldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Bu çäre diňe bir ýubileý senesi däl, eýsem 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” ýyly hökmünde bellenilmeginiň çäklerinde guraldy. Sergide türkmen halkynyň taryhy, milli medeniýeti we häzirki döwürdäki ösüşleri giňden görkezildi.

Çärä daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, döwlet edaralarynyň işgärleri, alymlar, medeniýet işgärleri, işewürler, talyplar we žurnalistler gatnaşdy. Açylyşda Türkmenistanyň medeni mirasy goramak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek ugrunda edýän işleri aýratyn nygtaldy.

Ilçi çykyşynda ýurduň Birleşen Milletler Guramasy we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

Sergide milli el işleri, şaý-sepler, lybaslar, halk sungaty we fotosuratlar görkezildi. Şeýle hem myhmanlar, esasan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwletiň içerki we daşarky syýasatynyň meselelerine, hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine, ylmy we bilimi ösdürmäge, ýaşlaryň bilimine, milli ruhy we ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamaga bagyşlanan işlerine uly gyzyklanma bildirdiler.

Çäre medeniýetiň halklaryň arasynda dostlugy we düşünişmegi berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini ýene bir gezek görkezdi.

Ogulnäzik BEGLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň
9-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok